«1С: Kärhana 8» programma önümini ornaşdyrmak boýunça syn
Kärhanamyzyň ösmegi we önümçilik kuwwatynyň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, maglumatlary dessin almak, seljermek, meýilleşdirmek we gözegçilik etmek üçin täze mümkinçilikleriň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, iş proseslerini awtomatlaşdyrmak esasy ugurlaryň birine öwrülýär we biziň üçin örän möhüm zerurlyk bolup durýar.
Kärhananyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we dolandyryş, meýilleşdiriş, satyn alyşlary guramak hem-de materiallaryň hereketini gözegçilikde saklamak bilen bagly meseleleri dessin çözmek maksady bilen, täze toplumlaýyn dolandyryş we hasaba alyş ulgamyna geçmek kararyna gelindi. Täze ulgam kompaniýanyň işiniň netijelerini has takyk seljermek we çykdajylary meýilleşdirmek üçin zerur maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik bermelidi.
Ilki bilen, hasaba alşyň takyklygyny we dessinligini üpjün edýän, şeýle hem ulanyjylary ammardaky materiallaryň, taýýar önümleriň we harytlaryň galyndylary, hereketi hem-de bahasy barada iň täze maglumatlar bilen üpjün edýän programma çözgüdi zerurdy.
Täze maglumat ulgamynyň esasy hökmünde «1С: Kärhana 8» programma önümi saýlanyp alyndy.
«1С: Kärhana 8» programma önümini ornaşdyrmak üçin biz hünär taýdan taýýarlykly we sertifikatlaşdyrylan hünärmenleri bolan, öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşýän gurama hökmünde maslahat berlen «Belli Tilsimat» hojalyk jemgyýetini saýladyk.
«Belli Tilsimat» kompaniýasynyň hünärmenleri programma önümini ornaşdyrmak boýunça aşakdaky işleri ýerine ýetirdiler: programmany gurnamak we ilkinji sazlamalary geçirmek, başlangyç galyndylary girizmekde kömek bermek, hasaba alyşyň degişli bölümlerini awtomatlaşdyrmak we ulanyjylar üçin aýratyn okuw geçirmek.
Täze maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy kärhananyň ýolbaşçylygyny işiň netijelerini seljermäge mümkinçilik berýän gurallar bilen üpjün etdi. Bu bolsa dolandyryş çözgütleriniň dessinligini we esaslylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Programma bilen işlemek ýeňil we amatly. Hyzmatdaşymyzyň ýerine ýetiren işinden kanagatlanýarys. Ýeke-täk göwnümize degen ýagdaý programmany ornaşdyrmagyň möhletleri boldy. Bu işleriň birneme has çalt tamamlanmagyny islärdik.
Geljekde uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt edýäris hem-de «Belli Tilsimat» kompaniýasynyň hünärmenleriniň kömegine hemişe bil baglap biljekdigimizi bilýäris.