Sanly galkynyşa taýýarlanyň,
Sebäbi Biz Siziň IT bolan garaýşyňyzy üýtgetmek üçin bu ýerde!

"1С: Siziň telekeçilik işiňiziň täze derejesi!

Öz kompaniýaňyzyň netijeli dolandyrylmagy we gülläp ösmegi üçin innowasion önümler dünýäsini açyň!"
Biziň gazananlarymyz biziň üstünligimiziň şaýadydyr: Türkmenistanyň bütin çägi boýunça IT pudagynda 300-den gowrak üstünlikli tamamlanan taslama.

Biziň kompaniýamyz öz ussatlygynyň ýokary derejesine, berk standartlaryna we öz müşderileriniň ynamyna buýsanýar.

Biz dürli pudaklardaky kärhanalaryň netijeli işlemegini üpjün etmek bilen telekeçilik işiniň awtomatlaşdyrylmagy üçin ygtybarly çözgütleri hödürleýäris.

Bizi öz telekeçilik işiniň awtomatlaşdyrylmagy pudagyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin saýlaýan şowly müşderileriň hataryna goşulyň.
Işgärler
Ýerine ýetirilen taslamalar
Ökde mugallymlar
"Sertifikatlaşdyrylan Okuw Merkez 1С – Täze mümkinçilikleri syna !"
Biziň kurslarymyzyň sanawynda özüňize has ýakyn bolan hünäri we käri saýlap, arzuw edýän işiňizi almaga ýardam etjek täze zatlary öwrenip we amaly bilimleri gazanyp bilersiňiz.
B
Talaplygyňyzy galdyryň we biziň hünärmenlerimiz siziň bilen habarlaşar, ähli soraglaryňyza jogap berer we okuwyň has laýyk gelýän görnüşini saýlar.
Düwmä basmak bilen men, şahsy maglumatlarymyň işlenmegi we platformany ulanmagyň düzgünleri bilen ylalaşýaryn
Saýlamaga kömek etmelimi?
"Belli Tilsimat" hojalyk jemgyýeti 1C-iň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşydyr
©HJ Belli tilsimat
+993 65 614757
info@bellitm.com
Aşgabat ş., "Joşgun" söwda merkezi
1С: Söwdany dolandyryş
«1С: Söwdany dolandyryş 8» —bu söwda kärhanasynyň telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap guraldyr. Programma operatiw we dolandyryş hasaba alşynyň, söwda amallaryny seljermegiň we meýilleşdirmegiň wezipelerini toplumlaýyn awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtda hem häzirkizaman söwda kärhanasynyň netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýär.

«1С: Söwdany dolandyryş 8» programmasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onuň ählitaraplaýynlygydyr – programma söwdanyň ähli esasy görnüşlerini (bölek, lomaý, karzyna, öňden berlen sargyt boýunça, komission) goldaýar, bu bolsa ony köpsanly söwda guramalarynda üstünlikli ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
«1С:Söwdany dolandyryş 8» arkaly awtomatlaşdyrylýan zatlaryň pudagy

Programmada eýýäm amala aşyrylan, şeýle-de entek diňe meýilleşdirilýän hojalyk amallary hasaba alnyp bilner. «1С:Söwdany dolandyryş 8» söwda we ammar hasaba alşynyň ähli ilkinji resminamalarynyň, şeýle-de pul serişdeleriniň hereketiniň resminamalarynyň resmileşdirilmegini awtomatlaşdyrýar.
«1С:Söwdany dolandyryş 8» söwda amallarynyň islendik görnüşleri üçin işlenip düzülendir. Hasaba alyş funksiýalary amala aşyrylandyr – maglumatnamalaryň ýöredilişinden we ilkinji resminamalaryň girizilmeginden başlap, dürli analitiki hasabatlaryň alynmagyna çenli.

Çözgüt tutuş söwda kärhanasy boýunça dolandyryş hasaba alşyny ýöretmäge mümkinçilik berýär. Holding gurluşyndaky kärhana üçin resminamalar holdinge girýän birnäçe guramalaryň adyndan resmileşdirilip bilinýär.
Programmada salgyt salmagyň aşakdaky ulgamlary goldanylýar:
salgyt salmagyň umumy ulgamy— SSUU (öz işini özbaşdak shema boýunça amala aşyrýan telekeçileriň (HK) hasaba alnyşy goldanylmaýar);
salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy — SSÝU;
salgyt salmagyň patent ulgamy (SSPU).

Çözgüdiň funksionaly dürli funksional opsiýalaryny işletmek/öçürmek arkaly çeýelik bilen uýgunlaşdyrylyp bilner. Mysal üçin, şeýle usul bilen programmany diňe iri kompaniýalara zerur bolan köpsanly mümkinçilikleri öçürmek arkaly (öçürilen funksional interfeýsde görünmeýär we ulanyjylaryň işine päsgel bermeýär) uly bolmadyk gurama üçin ep-esli ýönekeýleşdirmek bolar. Mundan soňra ähli opsiýalary işledilýän çözgüdiň funksionalynyň beýany görkeziler.
«1С:Söwdany dolandyryş 8» buhgalterçilik hasaba alşyny ýöretmek üçin zerur bolan maglumatlaryň awtomatiki ýagdaýda saýlanyp alynmagyny we bu maglumatlaryň «1С:Buhgalteriýa 8» geçirilmegini üpjün edýär.

«1С:Söwdany dolandyryş 8» programmasynyň beýleki programmalar bilen bilelikde ulanylmagy lomaý-bölek söwda kärhanalaryny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Programma «1С:Bölek satuw 8» çözgüdi üçin ulgamy dolandyryjy hökmünde ulanylyp bilner.

«1С:Söwdany dolandyryş 8» programmasyndan kimler peýdalanyp biler?
«1С:Söwdany dolandyryş 8» siziň kompaniýaňyzda ýeke-täk maglumat giňişligini döretmäge, bölümçeleriň takyklyk bilen özara bilelikde işlemegini guramaga mümkinçilik berer, işgärlere ýeke-täk topar bolup işlemäge ýardam eder. Programmanyň ulanylmagy gaýtalanýan amallary awtomatlaşdyrmagyň, hasaba alyşy hakyky wagt giňişliginde ýöretmegiň, dürli derejeli çözgütleri kabul etmek üçin maglumatlary tiz we amatly görnüşde taýýarlamagyň hasabyna kärhananyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Söwda kärhanasynyň ýolbaşçysy. Ýagdaýlary interaktiw usulda seljermek we gyzyklandyrýan görkezijileriň jikme-jik aýdyňlaşdyrmasyny almak üçin ähli zerur programma gurallary direktoryň ygtyýarynda bolar. «1С:Söwdany dolandyryş 8» işewürligi ösdürmek boýunça operatiw çözgütler we meýilnamalar üçin hemişe işleriň hakyky ýagdaýyndan habarly bolmaga mümkinçilik berer.

Söwda bölümçeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri. Ähli zerur maglumatlary taýýarlamagyň, harytlaryň hereketini dolandyrmagyň we bahany emele getirmegiň, sargytlary kabul etmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň, ammar ätiýaçlyklaryny optimallaşdyrmagyň, haryt dolanyşygyny seljermegiň, satyn almalary we getirmeleri meýilleşdirmegiň giň mümkinçilikleri «1С:Söwdany dolandyryş 8-i» ýolbaşçylyk edýän ugruna ýa-da bölümine garamazdan, ähli jogapkär şahslaryň ygtybarly kömekçisine öwrer.

Hasaba alyş gulluklarynyň işgärleri. Programma haryt-ammar hasaba alşyny hakyky telekeçilik işiniň zerurlyklaryna laýyk getirmek bilen, bu hasaba alyş boýunça gündelik işleri netijeli awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, yzygiderli «1С» maglumat-usulyýet goldawy hasaba alyşy hereket edýän kanunçylyga laýyklykda alyp barmaga we zerur hasa alyş maglumatlaryny buhgalterçilik ulgamyna geçirmäge mümkinçilik berer.

IT-hünärmenler. Ulgamyň açyklygy we ony ornaşdyrmagyň ýeňilligi, masştablaşdyrmagyň we integrasiýanyň giň mümkinçilikleri, administrirlemegiň we goldawyň ýönekeýligi we oňaýlylygy «pes derejeli» tehnologiki meseleleri çözmek üçin iň az tagallalary sarp etmäge mümkinçilik berer. «1С:Söwdany dolandyryş 8-i» öz guramalarynyň talaplaryna laýyklykda ornaşdyrmak bilen, IT-hünärmenler işewürlik-proseslerini awtomatlaşdyrmagyň has mazmunly we döredijilikli wezipelerine üns berip bilerler.

1С: Biziň kärhanamyzy dolandyrmak
1С: Biziň kärhanamyzy dolandyrmagyň (1С:BKD) mümkinçilikleri:

- CRM we marketing;
- Söwda we hyzmatlar;
- Ammar we satyn almalar;
- Önümçilik;
- Zähmet haky we işgärler;
- Maliýe serişdeleri;
- Maglumatlary alyş we saýt bilen integrasiýa;
- Моbil goşundylar;
- IP- telefoniýa .

Kim üçin amatly:

Söwda kompaniýalary: satuwlary alyp barmagyň we satuw guýgujyny gurmagyň, telefoniýanyň, harytlary eltip bermegiň prosesine gözegçilik etmegiň we ony dolandyrmagyň doly sikli 1С:BKD-de.
Internet-dükanlary: 1С:BKD-ni siziň hereket edýän saýtyňyz 1С-Bitriks maglumatlary bilen doldurmak.
Hususy telekeçiler: Harytlary satyn almak üçin çykdajylaryň GweÇHK –da awtomatiki usulda hasaba alynmagy hem-de kiçi kärhanalar üçin zähmet şertnamasynyň birkysmy görnüşi.
Islendik iş pudagyndaky kompaniýalar: harytlaryň häsiýetnamalary üçin şekiller, daşary ýurt banklaryna pul geçirimleri we resminamalary çap etmegiň täze mümkinçilikleri: gollar, işgärler bölüminiň buýruklary we bukjalary.

CRM we marketing

- Duşuşyklaryň we jaňlaryň meýilleşdirilmegi, menejerleriň, satuwlaryň we zerurlyklaryň ýüklenmegi;
- Ulanyjynyň nusgalary (şablonlary) boýunça şertnamalaryň, täjirçilik teklipleriniň düzülmegi;
- Köpdürliligiň, bahalaryň ýagdaýlary barada maglumatlaryň saklanmagy. Satuw bahalarynyň seljerilmegi we diskont kartalarynyň ulanylmagy:
- Müşderi monitory: müşderi bilen bagly ähli maglumatlar: berginiň pul möçberi, Satuwlaryň pul möçberi, iň soňky satuwyň we wakanyň senesi;
- Müşderileriň seljerilmegi: satuwlar guýgujy, ABC/XYZ, bergi;; menejerleriň girdeji, bergiler, wakalar, sargytlar, satuwyň depgini, satuw meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça seljerilmegi
- IP-telefoniýa we mobil goşundynyň üsti bilen jaň etmek.

Söwda we hyzmatlar

Lomaý söwda. Kiçi we orta telekeçilik üçin ähli esasy wezipeler amala aşyrylandyr: harytlaryň gümrük resmileşdirmesinden başlap, goşmaça çykdajylary we her bir sargyt üçin düşewüntliligiň hasaplanmagyny hasaba almak bilen ýerlenmegine çenli.
Bölek söwda. «1С:BKD»-de bölek satuwlary awtomatlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ornaşdyrylandyr. Onda söwda zalynda işlemek üçin esasy gurallaryň biri— «Kassaçynyň iş orny» bardyr. Hasaba alyşy bölek satuwa mahsus bolan formatlarda ýöretmek goldanylýar: pul möçberi we mukdar-pul möçberi boýunça. Ýöriteleşdirilen bölek satuw hasabatlarynyň düzülmegi göz öňünde tutulandyr. Dürli görnüşli daşky gurallary birikdirmek mümkindir: kassalar, skanerler, tereziler we ş.m.
Internet-dükan. Internet-dükany awtomatlaşdyrmak üçin programmanyň esasy wezipesi saýtdan talaplyklaryň kabul edilişiniň awtomatlaşdyrylmagy, şeýle-de sargydy işlemegiň we ýerine ýetirmegiň ýokary hilli awtomatlaşdyrylmagy. «1С:BKD»-de ammardan işlemek mümkinçiligi (haryt öňünden alnyp goýlan ýagdaýynda), şeýle-de «sargyt boýunça» işlemek mümkinçiligi ornaşdyrylandyr. «Satuwlar guýgujynyň» birnäçe görnüşlerini gurnamagyň we oňa gözegçilik etmegiň mümkinçiligi bolup, ol müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň dürli tertibini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hyzmatlar. Meýilleşdirme, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişini ýola goýmak we seljermek boýunça işleriň tutuş toplumy , şeýle-de harytlary gönüden-göni «1С:BKD»-de müşderilere gowşurmak prosesi awtomatlaşdyrylandyr.

Ammar we satyn almalar

- Haryt ätiýaçlyklarynyň, üpjünçiligiň we satyn almalaryň hasaba alynmagy;
- Ammara gelýän ähli harytlaryň sanyny we bahasyny görkezmek bilen kabul edilmegi. «1С:BKD»-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň girdejisini we öň hasaplanyp geçirilen hakujyny görkezmek bolýar;
- Haryt ätiýaçlyklarynyň ammarlaryň, bölümçeleriň we kiçi bölümleriň arasynda bir ýerden başga ýere geçirilmegi;
- Öňünden tölenýän tölegi we berlen arzanladyşlary hasaba almak bilen, ammardan harytlaryň satuwynyň resmileşdirilmegi;
- Dürli shemalaryň kömegi bilen üpjün ediş prosesiniň ýazgy edilmegi;
- Gelýän zatlaryň we ähli degişli amallaryň hasaba alynmagy;
- Ammaryň tükellemesiniň geçirilmegi;
- Harytlar we ammarlar boýunça seljerme üçin hasabatlylyk we satyn almalaryň meýilleşdirilmegi.

Önümçilik

- Önümçilik hasaba alşynyň ýöredilmegi — sargyt we tapgyr boýunça;
- Önümleriň we ýarym taýýar önümleriň öndürilip çykarylyşynyň hasaba alynmagy;
- Önümçiligiň ähli tapgyrlaryna we sargytlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegi ;
- Geleşik boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barlanmagy;
- Önümçilik üçin göni we gytaklaýyn harajatlaryň meýilleşdirilmegi.

Zähmet haky we işgärler

- Işe kabul etmegiň, işden boşatmagyň, bir wezipeden başga wezipä geçirmegiň resmileşdirilmegi;
-Bir programmada iş wagtynyň hasabynyň ýöredilmegi;
- Işgärleriň iş tabşyrygyny bermek ýa-da geleşik tabşyryklary görnüşindäki iş ýükleriniň meýilleşdirilmegi;
- Her bir işgäriň zähmetiniň netijeliligine baha bermek;
- Goşulýan pullaryň we tutumlaryň görnüşleriniň toparlary boýunça zähmet hakynyň hasaplanmagy.

Maliýe serişdeleri

- Býujetleriň düzülmegi (BDDS);
- Göni we gytaklaýyn harajatlaryň, girdejileriň we çykdajylaryň meýilleşdirilmegi;
- Girdejileriň we çykdajylaryň hasabynyň ýöredilmegi;
- Býujetleri ýerine ýetirmegiň meýilnama-hakyky ýagdaý boýunça seljerilmegi;
- Dolandyryş balansynyň düzülmegi: kärhananyň maliýe ýagdaýy, onuň aktiwleriniň, borçnamalarynyň gurluşy, hususy maýanyň ýagdaýy;
- Debitorlyk we kreditorlyk bergilerini dolandyryş;
- Kreditleriň we karzlaryň hasaba alnyşy;
- Hasabatlaryň giň gerimi boýunça özara hasaplaşyklaryň ýagdaýynyň seljerilmegi;
- Maddy we maddy däl emläginiň hasabynyň ýöredilmegi.

Telekeçilik işiniň seljerilmegi

- Işiň umumy görkezijileri: düşewünt, özüne düşýän gymmat, jemi girdeji, çykdajy we girdeji;
- pul serişdeleri: döwür boýunça maddalar boýunça galyndylar we pul serişdeleriniň hereketi hakynda maglumatlar;
- Döwür boýunça alyjylar bilen hasaplaşyklar (debitorlyk bergisi), şol sanda möhleti geçen bergiler we möhletler boýunça bergiler;
- Döwür boýunça üpjün edijiler bilen hasaplaşyklar (kreditorlyk bergisi), şol sanda möhleti geçen bergiler we möhletler boýunça bergiler;
- «Kompaniýanyň ýagdaýy» hasabatynyň yzygiderli ugradylmagy.
1С:Buhgalteriýa
1C:Buhgalteriýa 8» — bu hasaba alyşyň awtomatlaşdyrylmagyny ýokary hilli täze derejä çykarmaga ukyply iň köp ulanylýan buhgalterçilik programmasydyr.
Amatly önüm bolup, oňa birikdirilýän hyzmatlar islendik telekeçilik işiniň buhgalterçilik gullugynyň meselelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
«1С» kärhanasy buhgalteriýa üçin ulanyjylaryň talaplaryna we tabşyryklaryna laýyk gelýän döwrebap we ählitaraplaýyn çözgüdi üpjün etmek maksady bilen programmany we hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirýär.


«1C:Buhgalteriýa 8» näme?

«1C:Buhgalteriýa 8» — bu buhgalteriň hünär guraly bolup, onuň kömegi bilen buhgalterçilik we salgyt hasabyny ýöretmek, hökmany hasabatlylygy taýýarlamak we tabşyrmak mümkindir. Programma öňki wersiýalaryň ähli gazananlaryny we ýüz müňlerçe kärhanalaryň we guramalaryň buhgalterleriniň amaly işiniň tejribesine esaslanýan täze çözgütleri özünde jemledi.
Kanunçylyga we telekeçilik işiniň talaplaryna laýyk gelýän düşnükli hasaba alyş, salgytlar hasaplananda wagtyň tygşytlanmagy, resminamalaryň we hojalyk amallarynyň resmileşdirilmegi, ulanyjylaryň işiň ýokary amatlylygy bilen utgaşyklylykda netijeli goldanylmagy - «1C:Buhgalteriýa 8» programmasynyň esasy aýratynlyklarynyň diňe birnäçesidir.

1С:ERP Kärhanany dolandyryş 2
«1С:ERP Kärhanany dolandyryş» –Iri we orta telekeçiligi awtomatlaşdyrmagyň iň gowy dünýä tejribelerini nazarda tutmak bilen, köpugurly kärhanalaryň işini dolandyrmagyň toplumlaýyn maglumatlar ulgamyny düzmek üçin niýetlenendir.

«1C:ERP» näme üçin ulanylýar?

Önümçilik prosesini optimallaşdyrmak, enjamlaryň ýüklenmegini we serişdeler bilen üpjün etmegi nazarda tutmak bilen işiň anyk grafiginiň düzülmegi; döwürden yza galan dagynyk dolandyryş ulgamlaryndan täzelere geçilende – ýeke-täk maglumat giňişliginde netijeli işi guramak üçin; kärhananyň işiniň esasy görkezijilerini dolandyryşyň ähli derejelerinde aňsatlyk we oňaýlylyk bilen gözegçilikde saklamak üçin;
satuwlar, önümçilik we satyn almalar meýilnamasy düzülende we ýerine ýetirilende kärhananyň gulluklarynyň ylalaşykly işlemegi üçin;
pul serişdelerini dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ornaşdyrmak üçin kompaniýanyň maliýe maksatlaryny gazanmagyň optimal usullaryny işläp düzmek; täjirçilik we logistika gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin müşderilere hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak, maglumatlary almagyň takyklygyny we galjaňlygyny ýokarlandyrmak.
talap edilýän analitikalaryň görnüşleri boýunça kärhananyň işi, özüne düşýän gymmat we düşewünt hakynda anyk maglumatlary almak üçin

1С:Resminama dolanyşygy
«1С:Resminama dolanyşygy» – bu diňe resminamalary dolandyryş ulgamy bolman, eýsem, işewürlik proseslerini we işgärleriň bilelikdäki işini sazlamak üçin giň funksional mümkinçilikleri bolan häzirkizaman ECM-ulgamy (Enterprise Content Management — korporatiw kontenti dolandyryş) hem bolup durýar. Programma resminamalar bilen işlemegiň bir kysmy proseslerini awtomatlaşdyrmaga, elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmaga, tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmäge, dolandyryş işini düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýär.

«1С:Resminama dolanyşygy» programmasynyň mümkinçilikleri

- Şertnama resminamalary bilen işlemek;
- Resminamalary dolandyrmak;
- Prosesleri netijeli dolandyrmak;
- Iş wagtynyň meýilleşdirilişini hasaba almak;
- Taslama hasaba alşy we ýerine ýetirişe gözegçilik;

Şertnama resminamalary bilen işlemek

Nusgalary we resminamalaryň baglanyşygyny ulanmak arkaly şertnamalary, ýanyna goşulýan resminamalary aňsatlyk bilen düzmek üçin «1С:Resminama dolanyşygy» programmasyny ulanyň . Şertnamany ylalaşmagyň, oňa gol çekmegiň, ony ýerine ýetirmegiň proseslerini gözegçilikde saklaň. Borçlaryň ýerine ýetirilişine ýa-da ýanyna goşulýan resminamalaryň bardygyna gözegçilik ediň

«1С:Resminama dolanyşygy» şertnama işiniň esasy proseslerini goldaýar:

- şertnamanyň taýýarlanmagy;
- şertnamanyň ylalaşylmagy;
- berlen nusgalaryň gaýtaryp berilmegine gözegçilik;
- ýanyna goşulýan resminamalaryň hasaba alnyşy;
- hereket ediş möhletiniň hasaba alnyşy;
- borçnamalaryň ýerine ýetirilişi;
- ýatyrmak.

Şol bir wagtda ähli mümkin bolan işleri programmanyň özi ýerine ýetirýär:

- zerur halatynda şertnamalary uzaldýar;
- resminamanyň gol çekilmegi üçin kontragente berilmegine gözegçilik edýär;
- şertnamalaryň we tapgyrlaryň möhletlerine gözegçilik edýär.

Taslama tabşyryklarynyň meýilleşdirilmegi we ýerine ýetirilmegi
Taslamanyň meýilnamasy. Ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýän möhletlerini görkezmek bilen, ierarhiki gurluşda birleşdirilen taslama tabşyryklarynyň sanawyndan ybarat. Taslamanyň senenamalaýyn meýilnamasy awtomatiki usulda taslama tabşyryklarynyň, iş senenamasynyň, çäklendirmeleriň we gurnamalaryň arabaglanyşygynyň esasynda hasaplanýar. Taslamanyň meýilnamasyny MS Project-den ýükläp almak bolar. Taslamanyň meýilnamasyny gözden geçirmek we taslama tabşyryklaryna ähli ýerine ýetiriş tapgyrlarynda gözegçilik etmek aşakdaky düzgünlerde mümkindir:
meýilleşdirme — taslamanyň meýilnamasyny düzmek üçin;
ýerine ýetirmek üçin ugratmak —taslama tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmäge wagtynda ugradylmagy üçin;
ýerine ýetirişe gözegçilik — taslama tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin;
zähmetiň sarp edilişi — zähmetiň meýilnama boýunça we hakykatda sarp edilişini barlamak üçin;
doly—düzgün sütünleriň doly toplumyny sanawda çykarýar;
Gantyň diagrammasy —taslamanyň meýilnamasynyň grafiki usulda görkezilmegi
Rekwizitleri awtomatiki usulda doldurma
Meýilnama şertnama bukjalarynyň awtomatiki usulda doldurylmagyny goldaýar. Şertnamanyň teksti kartoçkadaky rekwizitleriň, mysal üçin Belginiň, Senäniň, Adynyň, Pul möçberiniň, hereket ediş möhletiniň we ş.m. esasynda awtomatiki usulda doldurylýar.

Şertnamanyň ylalaşylmagy
Şertnamanyň ylalaşylmagy Ylalaşma prosesiniň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Parallel, yzygiderli ýa-da garyşyk görnüşde ylalaşma, şeýle-de, şert boýunça ylalaşma ulanylyp bilner.
Mysal üçin, garyşyk görnüşde ylalaşma şertnamany işläp taýýarlamagyň reglamentini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär, muňa laýyklykda, şertnama bilen parallel görnüşde baş buhgalter we hukukçy, olardan soň – baş direktoryň orunbasary we eger bellik bolmasa, baş direktor ylalaşyp biler. Ylalaşmagyň netijeleri boýunça Ylalaşma kagyzy çap edilip bilner.

Köptaraplaýyn şertnamalar
Programmada ikiden köp tarap bilen baglaşylan şertnamalary (köptaraplaýyn şertnamalary) hasaba almak bolar. Munuň üçin şertnama haýsy korrespondentleriň arasynda resmileşdirilen bolsa, şolaryň sanawyny girizmek ýeterlikdir. Eger şertnamalar birnäçe korrespondentler bilen yzygiderli baglaşylýan bolsa – olary nusgada (şablonda) görkeziň. Şu ýagdaýda resminama nusga boýunça döredilen dessine olar bu şertnama giriziler. Şertnamalar korrespondent boýunça gözlenende tapylan resminamalaryň sanawyna görkezilen korrespondenti özünde saklaýan köptaraplaýyn şertnamalar hem düşer. Programmada şertnamanyň kontragente gol çekmek üçin berilmegi görkezilýär. Şunda şertnamanyň gaýtarylyp berilmeginiň garaşylýan möhleti görkezilýär. Programma bu möhlete awtomatiki usulda gözegçilik edýär we eger resminama kontragent tarapyndan wagtynda gaýtarylyp berilmedik bolsa, jogapkär şahsa habar berýär. Programma resminamalaryň asyl nusgalarynyň skan-nusgalarynyň bolmagyna gözegçilik etmäge ýardam edýär we işgärlere bu barada ýatladýar.

Аwtomatiki usulda uzaltma
Programma şertnamalaryň hereket ediş möhletleriniň we olary uzaltmagyň düzgünleriniň hasabyny ýöredýär. Hereket ediş möhleti golaýlanda we tamamlananda «1С:Resminama dolanyşygy 8» şertnama üçin jogapkär şahsa awtomatiki usulda habar berýär. Programma resminamanyň hereket ediş möhletini, eger degişli resminama üçin rugsat berlen bolsa, awtomatiki usulda uzaldyp biler.

- Hereket ediş möhleti awtomatiki usulda üýtgedilip bilner:
- täze hereket ediş möhleti bilen goşmaça ylalaşyk baglaşylanda;
- şertnama möhletinden öň ýatyrylanda;
- şertnama awtomatiki usulda uzaldylanda.
Möhlet elde hem uzaldylyp bilner. Şertnamanyň hereket ediş möhletlerini üýtgetmegiň ähli taryhy ýatda saklanýar.

Resminamalary dolandyryş
Resminamalary zerur rekwizitleri bolan nusgalary (şablonlary) we blanklary ulanmak arkaly guramanyň korporatiw standartlaryna laýyklykda resmileşdiriň.

Her bir resminamanyň üýtgetmelerini we wersiýalaryny gözegçilikde saklaň, kagyz nusgalaryň taýýarlanyşynyň hiline we ýerleşýän ýerine gözegçilik ediň, resminamalary skanirläň. Ýerine ýetiriş düzgünine gözegçilik etmek arkaly resminamalary ylalaşmak, tassyklamak, tanyşmak we ýerine ýetirmek üçin ugradyň.

1С:Bölek satuw
Söwda üçin gerek bolan ähli zat – bir programmada: satuwlar, harytlaryň hasaba alynmagy, аnalitika, ammary, işgärleri dolandyryş we beýleki mümkinçilikler.

«1C:Bölek satuw» aýratyn dükanyň we bölek satuw torunyň awtomatlaşdyrylmagy üçin amatlydyr.

Onlaýn-kassany, ştrih kodlaryň skanerini we beýleki enjamlary birikdiriň, belgilenen haryt bilen işläň, marketpleýsler we sosial torlar arkaly onlaýn görnüşde satyň, ERD boýunça resminamalary alyşyň, söwdanyň netijeliligini seljeriň - «1C:Bölek satuw» işi tertipleşdirmäge we telekeçilik işini täze derejä çykarmaga ýardam berer.
1С:MTG
1С: MTG – "1С:Kärhana" –nyň ulanyjylaryna hyzmatlary almak üçin ýete-täk şertnamadyr

Maglumat-tehnologiki goldaw (1С: MTG) – bu 1C kompaniýasy resmi hyzmatdaşlary bilen bilelikde "1С:Kärhana" programmanyň ulanyjylaryna edýän giňişleýin goldawydyr.

1C programmany ulanýanlar üçin 1С: MTG şertnamasy boýunça goldaw berilýär.

1С: MTG şertnamasyny "1C Kärhananyň" ulanyjylary – programma üpjünçiliginiň kanunalaýyk görnüşini alan fiziki ýa-da ýuridiki şahslar baglaşyp bilerler.

1С: MTG şertnamasy, 1C kompaniýasynyň hyzmatdaşlary, ýagny programma üpjünçiligini satyn alanlar bilen baglaşylýar. Ýokary hilli maglumat-tehnologiki goldawyny,tehniki we maslahat beriş hyzmatlaryny almak üçin Kärhana 1C goldaw merkezlerine ýa-da öz sebitiňizdäki serwis-hyzmatdaşlaryna ýüz tutmagy maslahat berýär.

1С: MTG şertnamasyny baglaşmak bilen, 1C programmanyň ulanyjylary alýarlar:

1C programmma üpjünçiliginiň önümleriniň kanunalaýyk täzelenmeleri

ýokary derejeli 1С: MTG maglumat sistemasy

Serwis we 1C kompaniýasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň maslahat beriş hyzmatlary

1С: MTG -niň hereket etýän şertnamasy bolmadyk ýagdaýynda programmany ulanmak hukugyny ýitirmeýär, programma üpjünçiligi doly göwrümde işlär, emma ulanyjy diňe 1C kärhanasy bilen baglaşan şertnamanyň hereket etýän döwründe berilen täzelikleri gurnap biler. Bu ýagdaýa ulanyjy programmanyň koduny özbaşdak üýtgetmek hukugyny saklaýar.